Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Daýhanbank» Türkmenistanda «Internet-banking» hyzmatynyň ulanyjylarynyň sany boýunça lider boldy

20:5512.07.2022
0
8550

«Internet-banking» hyzmatynyň ulanyjylarynyň bellige alnan sany boýunça Türkmenistanda «Daýhanbank» DTB lider boldy diýip, Trend agentligi Türkmenistanyň Merkezi bankyna salgylanyp habar berýär.

2022-nji ýylyň iýun aýyna çenli ýagdaýa görä, Türkmenistanyň ýaşaýjylary şu banklaryň hyzmatlaryndan has ýygy-ýygydan peýdalanýarlar: «Daýhanbank» (318,3 müň bellige alnan ulanyjy), «Türkmenistan» (261,3 müň ulanyjy) we «Türkmenbaşy» (159,3 müň ulanyjy).

Habar berlişi ýaly, «Daýhanbank» esasan Türkmenistanyň welaýatlaryndaky müşderiler bilen işleýär. Şeýlelikde, ulanyjylaryň aglabasy Mary (125,5 müň), Lebap (73,4 müň) we Daşoguz (48,5 müň) welaýatlarynda ýerleşýär.

«Internet-banking» hyzmatyny birikdirmek arkaly ulanyjylar «Daýhanbank» DTB-de açylan hasaplary, karzlary we olary üzmegiň möhletleri barada maglumat alyp bilerler. Müşderiler şol sanda hasaplaryny dolandyryp bilerler, şol sanda öz hasaplarynyň arasynda, şeýle hem «Daýhanbank» DTB-niň beýleki müşderilene pul serişdelerini geçirip bilerler, bank kartynyň üstüni dolduryp bilerler. Amallaryň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak üçin bank tarapyndan goragyň goşmaça derejesi — sms arkaly alynýan bir gezeklik porol ulanylýar.

«Internet-banking» hyzmatyny ulanyjylaryň bellige alnan sany boýunça Türkmenistanyň banklarynyň reýtingi

Bank

Bellige alnan ulanyjylaryň sany

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky

318 359

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky

261 346

Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik banky

159 340

Türkmenistanyň «Halkban» paýdarlar täjirçilik banky

72 198

Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik banky

37 761

Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky

5 698

«Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky

4 531

Jemi

859 233

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň