Birnäçe minut ozal tamamlanan «Uimbldonyň» erkekleriň arasyndaky ýekelikdäki final oýnunda dünýä reýtinginiň lideri Nowak Jokowiç awstraliýaly Nik Kirýosy 4-6, 6-3, 6-4, 7-6 hasabynda ýeňlişe sezewar edip, baş baýraga eýe çykdy. Bu ýeňiş serbiýaly tennisçi üçin karýerasyndaky «uly tuwulga» ýaryşlarynda öz peýdasyna tamamlanan 86-njy oýundyr. Şeýlelikde, «uly tuwulgalaryň» finalynda 32-nji gezek korta çykan Jokowiç bu babatda Rojer Federerden ozup, rekordy täzeledi.
Bu günki ýeňiş arkaly «uly tuwulgalarda» ýekelikdäki 21-nji kubogyny gazanan serbiýaly tennisçi «Uimbldonda» ýedinji gezek münberiň iň ýokarsyndan ýer alyp, bu ugurda erkekleriň arasyndaky öňdebaryjy Rojer Federer bilen tapawudy bir çempionlyga çenli gysgaltdy. Şeýle-de «Uimbldondaky» ýedinji çempionlyk arkaly Jokowiç karýerasyndaky gazanylan utuş pullarynyň mukdaryny 158,5 million amerikan dollaryna ýetirdi.