Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Döwlet muzeýi gadymy Budda heýkelini dikeltmek üçin grant aldy

17:0409.07.2022
0
6648

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan «Medeni mirasy gorap saklamak baradaky Ilçiniň gaznasy» atly maksatnamanyň çäklerinde yglan edilen bäsleşigiň jemi jemlendi.

Şu mynasybetli düýn Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde degişli bäsleşigiň ýeňijisini yglan etmek boýunça dabara geçirildi. Mälim bolşy ýaly, Buddanyň heýkeliniň bölekleri geçen asyryň ikinji ýarymynda Gäwürgaladan (Mary welaýaty) tapyldy.

Bäsleşikde Döwlet muzeýiniň hödürlän taslamasy ýeňiji hökmünde saýlandy we munuň üçin muzeýe şahadatnama gowşuryldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Gürrüňi edilýän taslama Buddany şekillendirýän gadymy monumental heýkeli rejelemek bilen baglanyşyklydyr. Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň medeniýet işleri boýunça attaşesi, Döwlet muzeýiniň direktory, Žan Pol Getti muzeýiniň baş rejeleýjisi we gadymy gymmatlyklary gorap saklamak bölüminiň başlygy, Çikago uniwersitetiniň medeni mirasy gorap saklamak merkeziniň direktory çykyş etmek bilen, taslamanyň ähmiýeti barada nygtadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň