Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda, Myrat Orazmämmedowiç Mämmetalyýew başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky (Seul şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi we Türkmenistanyň Singapur Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşadyldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
2014-nji ýylda Myrat Mämmetalyýew Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenilipdi. Şeýle-de oňa Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diplomatik derejesi berlipdi.Şol bir wagtyň özünde M.Mämmetalyýew 2016-njy ýyldan bäri Singapurda ilçi bolup işledi.
Belläp geçsek, Koreýa Respublikasynda Türkmenistanyň ilçihanasyny açmak Karary 2013-nji ýylyp tomsunda kabul edildi. Iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň fewral aýynda ýola goýuldy.