Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly ralliçiler «Ýüpek ýoly» rallisine gatnaşýar

23:5407.07.2022
0
3186

Türkmenistanyň topary meşhur «Ýüpek ýoly» rallisine gatnaşýar.

Ýaryşyň toparlary Dagystandan, Çeçenistana, Kalmyk Respublikasyna, Wolgograd, Tula we Lipes oblastlaryna çenli 4 464 kilometr aralygy geçerler. Ýaryşa 16-njy iýulda Moskwadaky «Lužniki» stadionyndan badalga berler.

Ýaryşa 60-dan gowrak topar gatnaşýar.

Türkmenistan «Dakar» tapgyryna girýän «Ýüpek ýoly» rallisiniň 2009-njy ýylda bir bölümine giripdi. Şol ýyl ýaryş Russiýany, Gazagystany we Türkmenistany öz içine alypdy. Kazan şäherinden Aşgabada çenli uzan ýol 4300 kilometr aralygy öz içine alypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň