Soňky habarlar

Arhiw

Oba hojalyk ugurly ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary täzelendi

22:0508.07.2022
0
8149

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu gün geçirilen giňişleýin mejlisinde D.Myradowy, başga işe geçmegi sebäpli, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory wezipesinden boşatdy. Bu ýokary okuw mekdebiniň rektory wezipesine Allaberdi Gapurow bellenilip, ol Türkmen oba hojalyk institutynyň rektory wezipesinden boşadyldy.

Türkmen oba hojalyk institutynyň rektory wezipesine Döwlet Ýolow bellenilip, ol Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ylmy işler boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy. Bular barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň