Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Lebap» gazturbinaly elektrik stansiýasy aýda 104 million kWt/sagat elektrik energiýasyny öndürýär

13:3006.07.2022
0
7306

«Lebap» döwlet gazturbinaly elektrik stansiýasy her aý içerki sarp edijilere we Owganystana, Özbegistana, Gyrgyzystana eksport üçin iberilýän elektrik energiýasynyň 104 million kilowat/sagadyny öndürýär. «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habaryna görä, soňky bir aýyň dowamynda eksport üçin öndürilen elektrik energiýasynyň mukdary 99 million kWt/sagat boldy. Ýakynda elektrik stansiýasyna uzynlygy 125 kilometre barabar Üçajy-Zerger gaz geçirijisi birikdirildi.

2021-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 megawat bolan gazturbinaly elektrik stansiýasynyň açylandygyny ýatladýarys.

Täze desga ozal hereket edýän Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde bina edildi. Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň täze desgasyna “Mitsubishi Power Ltd” kompaniýasy tarapyndan öndürilýän M701DA görnüşli gazturbinalaryň Merkezi Aziýada ilkinji gezek gurnalandygyny tassyklaýan “Sumitomo” korporasiýasynyň güwänamasy hem-de Şweýsariýanyň Federal Tehnologiýa institutynyň “Innowasion täze tehnologiýalar” güwänamasy we Germaniýanyň “Max Planck” institutynyň “Täsiri ýokary we dowamly bolmagy üçin” güwänamasy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň