Serdar Mälikgulyýew Türkmenistanyň Baş prokurory wezipesine bellenildi

21:3505.07.2022
0
68725

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu ýylyň alty aýynyň netijelerine bagyşlanan mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda käbir resminamalara gol çekildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Serdar Mälikgulyýewi Türkmenistanyň Baş prokurory wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň prokurory wezipesinden boşatdy.

Şeýle-de döwlet Baştutanynyň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Baş müdirligiň müdiri, ýustisiýanyň uly geňeşçisi Begmyrat Begmyradow Türkmenistanyň Baş prokurorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.

«Turkmenportalda» ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 4-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirip, onuň dowamynda şol wagta çenli Türkmenistanyň Baş prokurory wezipesinde işleýän ýustisiýanyň 3-nji derejeli döwlet geňeşçisi Batyr Atdaýewi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasary wezipesine belledi.

Serdar Gurbangulyýewiç Mälikgulyýew 2018-nji ýylyň ýanwar aýynda Aşgabat şäheriniň prokurory wezipesine bellenip, Daşoguz welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesinden boşadylypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň