Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky Janly tebigatyň milli muzeýinde haýwanlara yssyda nähili ideg edilýänigi aýdyldy

13:4904.07.2022
0
35085

Aşgabatdaky Janly tebigatyň milli muzeýiniň işgärleri haýwanlaryň yssy howany nähili geçirýändiklerini gürrüň berdiler. Haýwanat bagynyň haýwanlary dürli-dürlüdir. Olaryň birentegi ýokary temperaturalara eýýäm alşyp gitdiler.

Olar türkmen jöwzasyna ýeňil öwrenişdiler. Düýeler, möjekler, jerenler we beýleki köpsanly haýwanlar tomus möwsümine öňden taýýarlanyp, ýüňüni täzelediler. Yssa dözümsiz haýwanlar-da bar. Emma olaryň bolýan ýerleri elmydama bir böleginiň salkynlap durmagyny göz öňünde tutup gurlandyr. Haýwanat bagynyň haýwanlarynyň ygtyýarynda şeýle hem howuzlar, köller, kiçeňräk derýajyklar bar.

Şeýlelikde, aýy, ýolbarslar we gaplaňlar uly lezzet bilen suwa düşýärler we dynç alýarlar. Maýmynlara günde birnäçe gezek suw akdyrylýar, dag bürgüdi, tawus we beýleki guşlar bolsa suwly ýerlerde özleri suwa düşýärler.

Krokodiliň welin eýýäm birnäçe gün bäri keýpi ýok. Munuň sebäbi yssy howa däl-de, ol ýoldaşy bilen tersleşdi.

Haýwanat bagynyň tutuş çägi ýaşyl baga büreldi, otluk ýerler her gün suwarylýar. Agaçlar hem oňat saýa berýär.

Uzak aralyklara damjalaryny ýaýradýan we ýakymly sergin şemaly getirýän şarlawuk bar.

Haýwanat bagynyň ýerleşen ýeriniň amatlylygy sebäpli, onuň çäginde howa şähere garanyňda hemişe birnäçe gradus pes bolýar — dagdan gelýän şemal yssy howany gowşadyp, salkynlyk berýär diýip, haýwanat bagynyň işgärleri gürrüň berýär. Aşa gyzgyn howada bolsa, haýwanlar ýörite sowadyjyly ýerlere geçirilýär.

Türkmenistanyň Janly tebigatynyň milli muzeýi 2010-njy ýylda guruldy. Ol 40 gektardan gowrak meýdany eýeläp, sebitde iň irisi bolup durýar. Bu ýerde ýabany, öý haýwanlarynyň, guşlaryň, suwasty ýaşaýjylaryň 250-den gowrak görnüşi bar. Olaryň aglabasy Gyzyl kitaba girizilen.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň