Soňky habarlar

Arhiw

UFC 276: Çempionlyk guşaklary eýelerinde galdy

12:1003.07.2022
0
977

Aşgabat wagty bilen şu gün irden ABŞ-nyň Las-Wegas şäherinde UFC 276 söweş agşamy bolup geçdi. Agşamyň esasy tutluşygynda orta agramyň çempiony Israel Adesanýa guşaga dalaşgär Jared Kannonýe garşy oktagona çykdy. Merkezi söweş doly dowam edip, eminleriň biragyzdan çykaran kararlaryna laýyklykda, Adesanýanyň ýeňşi bilen tamamlandy. Şeýlelikde, karýerasyndaky 23-nji ýeňşini gazanan nigeriýaly Israel Adesanýa orta agramyň çempionlyk guşagyny özünde saklap galdy. 15 söweşden bäri ýeňilmän gelýän Kannonýe bolsa karýerasyndaky 5-nji ýeňlişe sezewar boldy.

Şeýle-de UFC 276-nyň ýene bir gyzgalaňly gapma-garşylygy ýeňil agramyň çempiony Aleksandr Wolkanowski bilen Maks Holloueýiň arasynda boldy. Bu tutluşykda hem çempion öz guşagyny mynasyp goramagy başardy. Doly dowam eden tutluşykda eminleriň biragyzdan gelen kararlaryna görä, Aleksandr Wolkanowski ýeňiji diýlip yglan edildi. Ýeri gelende, bu söweşiň Wolkanowski bilen Holloueýiň arasyndaky üçünjisidigini bellemek gerek. Özara söweşleriň üçüsinde hem Wolkanowski garşydaşyndan rüstem geldi. Gazanylan şu günki ýeňişden soňra Wolkanowski UFC-niň çäklerindäki ilkinji 12 tutluşygynyň ählisinde ýeňiş gazanan taryhdaky dördünji türgen boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň