Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasy: bir tapgyrda 40 pökgi geçirildi

17:5702.07.2022
0
1150

Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynda altynjy tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Bu barada federasiýasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Bu tapgyrda ýaryş tertibiniň öňbaşçylary “Deňizçi” topary TNGIZT toparyny 11:0 hasabynda ýeňen bolsa, onda “Köpetdag” “Milli goşuny” 6:3 hasabynda ýeňmegi başardy. “Daşoguz” “Ahaly” 10:5 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Ýaryş tertibinde üçünji orun ugrunda ýiti göreş alyp barýan “Gümrükçi” bilen “Senagatbank” toparlarynyň özaralaryndaky duşuşyk hem şu tapgyra gabat geldi. Ikitaraplaýyn hüjümlere syrygan bu duşuşyk 3:2 hasabynda “Gümrükçiniň peýdasyna tamamlandy.

Şeýlelikde, geçirilen alty tapgyrdan soň 16 utuk toplan “Deňizçi” ýaryş tertibinde eýeleýän birinji ornuny saklap galdy. 14 hem-de 11 utukdan toplan “Köpetdag” bilen “Gümrükçi” toparlary degişlilikde ikinji, üçünji orunlary eýeleýärler.

Iň köp top geçiren oýunçylaryň arasynda “Daşoguz” toparynyň oýunçysy Hamid Menglibaýewiň (12 top) öňdeligi eýeleýändigini bellemek gerek.

Naýbaşy ligasynyň 7-nji, 8-nji, 9-njy hem-de 10-njy tapgyrlarynyň duşuşyklary 15-19-njy iýul aralygynda Mary şäherinde geçiriler.

Altynjy tapgyryň duşuşyklaryň netijeleri:
“Deňizçi” – TNGIZT – 11:0
“Daşoguz” – “Ahal” – 10:5
“Köpetdag” – “Milli goşun” – 6:3
“Gümrükçi” – “Senagatbank” – 3:2.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň