Soňky habarlar

Arhiw

Izner «Uimbldony» rekord bilen terk etdi

22:5901.07.2022
0
1065

Amerikaly tennisçi Jon Izner «Uimbldonyň» üçünji aýlawyndan orun alan italiýaly Ýannik Sinner bilen bolan duşuşykda özboluşly rekord goýmagy başardy. Gapma-garşylykda 24 gezek eýs urgusyny amala aşyran amerikaly tennisçi bu ugurda erkekleriň arasyndaky dünýä rekordyny täzeledi. Tutuş karýerasyndaky eýs urgularynyň sanyny 13 748-e ýetiren Izner ozalky rekordyň eýesi horwatiýaly Iwo Karlowiçden (13 728 eýs) ozmagy başardy. Ýöne bu rekord Jon Iznere «Uimbldondaky» ýörişini dowam etmek üçin ýeterlik bolmady. Ol üç set dowam eden duşuşykda garşydaşyndan 6-4, 7-6, 6-3 hasabynda asgyn geldi.

Maglumat üçin, ATP 1991-nji ýyldan bäri eýs urgularynyň hasabyny ýöredip gelýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň