Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň «Dostluk» futbol topary Ýewraziýanyň kubogynda final tapgyryna çykdy

12:5730.06.2022
0
9028

Türkmenistanyň 2007 ― 2008-nji ýyllarda doglan ýetginjeklerden düzülen «Dostluk» futbol topary Ýewraziýanyň Moskwa şäherinde geçirilýän klublaýyn ýaryşynda final tapgyryna çykdy. Turkmenportala bu babatda toparyň tälimçiler düzüminden habar berildi.

«Ýewraziýa» kubogyna Russiýanyň şäherleriniň birnäçesinden we GDA agza döwletlerden toparlaryň gatnaşýandygyny ýatladýarys.

«Dostluk» toparçalaýyn tapgyrda Moskwa şäheriniň sport we syýahatçylyk müdirliginiň FŞM toparyny 3:2, «Torpedony» (Moskwa) 5:1 hasabynda ýeňip, Belarusyň ýygyndysyndan 1:6 hasabynda asgyn geldi.

Şeýlelikde, Eziz Annamuhammedowyň şägirtleri üç duşuşykda toplan 6 utugy bilen ýaryşyň final tapgyryna çykmaga hukuk gazandylar. Toparçada birinji orny belarusly futbolçylar eýeledi.

Final duşuşygy 1-nji iýunda SSKA futbol klubynyň «Oktýabr» sport klubyna degişli meýdanda geçiriler. Türkmen futbolçylarynyň garşydaşy ýene-de belarusly futbolçylar bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň