Filippin deňzinde iň çuň ýere gark bolan gämi tapyldy

15:2527.06.2022
0
1601
Filippin deňzinde iň çuň ýere gark bolan gämi tapyldy
Surat: republicworld.com

Barlagçylar Filippin deňzinde dünýäde iň çuň suw düýbüne giden gämini tapdylar. Bu barada «RIA Nowosti» amerikan ylmy barlagçysy we işewüri Wiktor Weskowonyň sözlerine salgylanyp habar berdi.

«Men ýaň lokasiýasy boýunça hünärmen Žeremi Morize bilen bilelikde Limiting Factor suwasty enjamyny Samuel B. Roberts (DE 413) gämisiniň galyndysynyň ýerleşýän ýerine ýolladyk. Ol 6895 metr çuňlukda ýerleşýär, bu häzire çenli öwrenilen we ele salnan iň çuň ýerdäki gämidir» diýip, Weskowo sosial ulgamda ýerleşdiren habarynda nygtady.

ABŞ-nyň Harby deňiz güýçleriniň gämisi Sammy B diýlip atlandyrylýar, ol Samar adasynyň ýakynyndaky Laýte aýlagynda 1944-nji ýylyň oktýabrynda bolan söweşler wagtynda suwa gark boldy, bu söweş Ikinji jahan urşunyň iň uly deňiz söweşi hökmünde bellidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň