Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Arheologlar Eýranda gadymy suwaryş ulgamyny tapdylar

14:1927.06.2022
0
3762

Eýranda arheologlaryň geçiren gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde Ahemeniler şadöwletiniň gazanan üstünliklerine göz ýetirmäge mümkinçilik berýän suwaryş ulgamynyň üstünden baryldy. Alymlar aryklaryň gadymy we giň ulgamyny ele saldylar, onuň kömegi bilen adamlar gurak howa garşy göreşipdirler. Bu barada «Tehran Times» habar berýär.

Hamidreza Karami tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän topar Didegan bendinde gazuw-agtaryşlary geçirdi, gatla şeýle-de Bossan-Hani ady bilen bellidir. Bina Ahemeniler döwrüne (b.e. öň 550-330 ýý. töweregi) degişlidir. Bent Eýranda iň irileriň biri hasaplanýar, onuň binägärliginde ulanylan gurluşyk usullary henizem peýdalanylýar.

Netijede, Didegan bendiniň gadymy ýaplaryň giň zynjyrynyň möhüm bölegi bolandygy ýüze çykaryldy, bu ulgamy guraklyga garşy göreşmek üçin peýdalanypdyrlar, ol suw akymlaryny sazlaşdyrmak üçin gerek bolupdyr. Ýaplaryň diwarlarynyň we düýbüniň tutuşlygyna daşdan örülendigi anyklanyldy.

Giňligi 70 we boýy 125 santimetr bolan ýabyň üsti bilen töwerekdäki Persepol, Pasargad we Siwanda şäherleri suw bilen üpjün edilipdir, ondan 200 ýyllap işjeň peýdalanylypdyr. Ol ätiýaçlyk howdandaky suwy ýörite diffuzora akdyrmak üçin ulanylypdyr we ol ýerdenem suw ýaplara bölünipdir.

Arheolog Karami Ahemeniler döwründe ulanylan bu inženerlik çözgüdiniň häzirki zaman bent gurluşygynda hem peýdalanylýandygyny aýdýar. Bu barada MIR24 ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň