Soňky habarlar

Arhiw

Gazagystanyň Prezidenti Aşgabatda geçiriljek Hazar sammitine gatnaşar

13:0527.06.2022
0
11051

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 29-njy iýunda Aşgabatda geçiriljek VI Hazar sammitine gatnaşar. Bu barada TASS gazak Lideriniň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.

Nobatdaky sammite Hazarýaka ýurtlary bolan Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň döwlet Baştutanlary gatnaşar. Gepleşikleriň dowamynda Hazar deňziniň kanuny-hukuk ýagdaýy baradaky Konwensiýany ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.

Bu çäräniň öňüsyrasynda, 28-nji iýunda Aşgabatda Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň