Özbegistanyň Konstitusiýasyna düzedişler Prezidentiň ygtyýarlyk möhletleriniň bäşden ýedi ýyla çenli uzaldylmagyny göz öňünde tutýar. Konstitusion üýtgetmeleriň degişli taslamasy Oliý Majlisiň Kanunçykaryjy Palatasynyň birinji okalyşynda tassyklanyldy. Resminama 5-nji iýulda ählihalk geňeşmesine çykarylar.
rbc.ru saýtynyň habar bermegine görä, taslama adamyň mertebesiniň we abraýynyň ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegine esaslanan kadalaryň, şol sanda Konstitusiýanyň 13-nji maddasyna adamyň döwlet edaralary bilen gapma-garşylyklarynyň we düşünişmezlikleriniň ählisiniň adamyň bähbidine çözülmegi barada kadalaryň girizilmegini göz öňünde tutýar.
Bellenilişi ýaly, umumylykda, taslama ýurduň Konstitusiýasynyň 66 maddasyna 170-den gowrak üýtgetme girizmegi göz öňünde tutýar.