Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen pasporty dünýä reýtinginde ilkinji ýüzlüge girdi

23:1524.06.2022
0
75787

2022-nji ýylyň ikinji çärýeginde Türkmenistanyň pasporty Şweýsariýanyň Henley & Partners konsalting kompaniýasy tarapyndan neşir edilen «Dünýä pasportlarynyň indeksinde» 92-nji orny eýeledi.

Analitikler dünýäniň 200-den gowrak döwletiň pasportlaryny deňeşdirdiler. Indeksleşdirmek şahsyýetiňi tassyklaýan resminama bilen wizasyz ýa-da ýeňilleşdirilen tertipde wiza almak arkaly onuň eýesiniň näçe döwlete baryp bilýändigi baradaky maglumatlara esaslanýar.

Bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň ýaşaýjylary wizasyz 52 döwlete baryp biler.

Dünýä reýtinginde ilkinji setirleri Ýaponiýanyň, Singapuryň, Koreýa Respublikasynyň we Germaniýanyň pasportlary eýeledi. Şeýlelikde, ýaponiýalylar we singapurlylar üçin dünýäniň 192 döwleti, Koreýa Respublikasynyň we Germaniýanyň raýatlary üçin 190 döwlet açykdyr.

Iň aşaky setirlerde Owganystan we Yrak ýerleşýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň