Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Döwlet býujetini 3 ýyllyk möhlet üçin işläp düzmek meýilleşdirilýär

22:0624.06.2022
0
6875

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň оrunbasary M.Muhammedow býujet ulgamyny kämilleşdirmek, milli kanunçylyga halkara tejribäni ornaşdyrmak, döwlet maliýe serişdelerini netijeli ulanmak boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde bellenilşi ýaly, 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetini işläp taýýarlamak, 2025-nji ýyldan başlap, orta möhletli býujet meýilleşdirilişine geçmek we bu ulgamyň dolandyrylyşyny döwrüň talaplaryna laýyk guramak maksady bilen durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän anyk çäreler barada habar berildi.

«Türkmenistanda býujet işini kämilleşdirmek boýunça çäreler hakynda» kararyň deslapky taslamasynyň taýýarlanýandygy barada aýdyldy, ol ýurduň Býujet kodeksiniň wezipelerini hem-de talaplaryny ýerine ýetirmäge gönükdirilendir. Resminamada Döwlet býujetini 3 ýyllyk möhlet üçin işläp düzmek, ýerine ýetirilişine gözegçiligi berkitmek we býujet ulgamyny dolandyrmagy kämilleşdirmek boýunça çäreleriň toplumy, 2022-2024-nji ýyllarda degişli kadalaşdyryjy-hukuknamalary işläp taýýarlamak göz öňünde tutuldy. Şunuň bilen bir hatarda, ýörite döwlet toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak teklip edilýär.

Hormatly Prezident hasabaty diňläp, häzirki zaman şertlerinde ykdysadyýeti dogry we sowatly dolandyrmagyň örän möhümdigini, şunuň bilen baglylykda, onuň gurallarynyň biriniň býujet ulgamy bolup durýandygyny belledi. Şu işlerde möhüm maliýe resminamasy bolan ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň kemala getirilmegine möhüm orun berilýär. Pul akymlaryny dolandyrmagyň güýçli, durnukly ulgamy döwletiň ygtybarly bolmagyna, ýurduň gülläp ösmegine hem-de raýatlarynyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär diýip, döwlet Baştutany nygtady hem-de wise-premýere bu ugurda işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň