Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan ilkinji gezek Seuldaky «Import harytlarynyň sergisi — 2022-ä» gatnaşdy

15:0623.06.2022
0
7500
Türkmenistan ilkinji gezek Seuldaky «Import harytlarynyň sergisi — 2022-ä» gatnaşdy
Surat: Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasy

Şu gün Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seulda «Import harytlarynyň sergisi — 2022» halkara sergisi açyldy. Bu sergä Türkmenistan hem ilkinji gezek gatnaşyp, onda ýurduň dokma senagatynyň ýeten belent sepgitlerini görkezýär. Bu barada Türkmenistanyň Seuldaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Sergä 60-dan gowrak ýurtdan 70-e golaý kompaniýa gatnaşýar. Türkmenistanyň sergidäki pawiliony oňa gatnaşýan myhmanlara ekologiýa taýdan arassa dokma önümlerini, hususan-da, «Nusaý», «Gala», «Goza», «Merw», «Bedew» ýaly haryt-nyşanly ýokary hilli egin-eşikleriň, trikotažyň, jinsiniň, keteniniň, nah we ýüpek matalaryň dürli görnüşleri görkezilýär. Şonuň ýaly-da, milli pawilionda dürli ugurlarda gazanylan üstünlikleri barada gürrüň berýän kitapçalar, türkmen halylary, milli el işleri, zergärçilik önümleri ýaly ekspozisiýalar goýlupdyr.

Belläp geçsek, şu ýyl Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyllygy bellenildi.

Sergi 2022-nji ýylyň 25-nji iýunyna çenli dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň