Soňky habarlar

Arhiw

Russiýanyň daşary işler ministri Türkmenistana sapar bilen geler

14:4622.06.2022
0
19358
Russiýanyň daşary işler ministri Türkmenistana sapar bilen geler
Surat: пресс-служба МИД РФ

Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Sergeý Lawrow 28-nji iýunda Türkmenistana sapar bilen geler. Bu barada şu gün Russiýany daşary işler ministrliginiň resmi wekili Mariýa Zaharowa tarapyndan geçirilen metbugat ýygnagynda aýdyldy.

Saparyň dowamynda Sergeý Lawrow Aşgabatda Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşar.

Zaharowyň bellemegine görä, Aşgabatda geçiriljek duşuşyk Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI sammitine görülýän taýýarlyga bagyşlanar. Duşuşygyň barşynda Hazar sammitine taýýarlyk we Hazar sebitindäki hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň