Soňky habarlar

Arhiw

«Buzly Dag» dükany alyjylary içgileriň köp dürli görnüşleri bilen tanyşmaga çagyrýar

11:3121.06.2022
0
5148

Gazlandyrylan içgileri we arassa agyz suwlaryny alyjylar köpçüligine ýetirýän ýöriteleşdirilen «Buzly Dag» dükany Aşgabadyň ýaşaýjylaryny içgileriň görnüşleri bilen tanyşmaga çagyrýar.

Gazly we gazsyz içgileri kärhananyň öz dükanyndan satyn almagyň tapawutly aýratynlygy bu ýerde «Buzly Dag» haryt nyşanly içgileriň islendik görnüşini tapyp bolýanlygy bilen baglydyr.

Bu içgileri öndürýän «Täjir Ýyldyzy» hususy kärhanasy gazlandyrylan içgileri we arassa suwlary 0,33 ml hem-de ondan uly göwrümlerde 6 ýa-da 12 sanydan bitewileşdirip polietilen örtükler bilen gaplaýar. Şonuň üçin dükandan uly göwrümli çäreler ýa-da baýramçylyklar, doglan güni we beýleki dabaralar üçin suwlary sargyt etmek hem oňaýly, hem amatly bolýar.

«Täjir Ýyldyzy» hususy kärhanasy 2019-njy ýyldan bäri «Buzly Dag» haryt nyşanly dürli tagamly gazly we gazsyz suwlary öndürip, Türkmenistanyň bazarlaryna paýlap gelýär.

Önümçiligini günsaýyn giňeldýän kärhana önümlerini ýurt derejesinde geçirilýän ykdysady pudaklaýyn sergilerde yzygiderli köpçülige tanyşdyrýar. Kärhananyň ýakyn geljek üçin maksatlary bolsa önümçilik kuwwatyny artdyrmak hem-de önümlerini dünýä bazaryna hödürlemekdir.

«Buzly Dag» dükanynyň ýerleşýän salgysy: Änew şäherçesi, Telekeçiler köçesi, 12-nji jaý.

Kärhana bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin +99312 21-62-68; +99365 57-61-29; +99365 66-02-25; +99365 67-97-78 telefon belgileri arkaly habarlaşyp ýa-da şu salga ýüz tutup bilersiňiz: Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly, 108-nji jaý.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň