Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky «Ak gaýa» dükanlaryna mebelleriň täze tapgyry gelip gowuşdy

11:0020.06.2022
0
5253

Aşgabat şäherinde ýerleşýän «Ak gaýa» dükanlar toruna daşary ýurtlaryň öňdebaryjy mebel öndürijileriniň dizaýnerlik mebelleriniň täze tapgyry geldi.

Bu ýerde dürli görnüşli kreslolar, diwanlar, nahar stollary we oturgyçlar alyjylaryň dykgatyna ýetirilýär. Bu mebeller nusgawy we döwrebap stillerde taýýarlanandyr. Olaryň taýýarlanylmagynda deri, welýur we atlaz hem-de beýleki materiallar, şeýle-de berkitmek we döwrebap furnitura ýaly aýratynlyklar peýdalanylýar. Kreslolaryň we oturgyçlaryň oýlanyşykly taýýarlanan dizaýny oturýan adamyň arkasynyň dogry ýerleşmegini üpjün edýär we iş wagtynda goşmaça rahatlygy döredýär.

Şeýle hem «Ak gaýa» dükanlaryndan telewizor şkaflarynyň köp funksiýaly we dürli ýerlere ýerleşdirmek üçin niýetlenen aýry-aýry görnüşlerini saýlap bilersiňiz. Bu dizaýnyň artykmaçlyklary hökmünde telewizor üçin goşmaça enjamlary, kitaplary, žurnallary, bezeg önümlerini we beýleki öý goşlary ýerleşdirmäge ýeňillik döredýän tekjeleriň bolmagyny bellemek gerek.

Bu aýratyn harytlardan başga hem dükanlarda dürli hili gurnamasy we ýygşyrmasy ýeňil bolan žurnal stollary bardyr. Beýle çözgüt daryşgan öýlerde özboluşly bezegi döretmäge giň şert bolup biler.

«Ak gaýa» dükanlarynyň salgylary:

  • Aşgabat ş., Terminal toplumy, «Ak gaýa» söwda merkezi, telefon belgileri: 575555, +993 65 411010;
  • Aşgabat ş., 2127-nji köçe (G.Kulyýew köçesi), 40-njy jaý (Ak gaýa), telefon belgileri: 575757, 754375, +993 64 664488;
  • Aşgabat ş., Terminal toplumy, Ak Tam bazary, 1-2nji dükanlar, telefon belgileri: +993 65 546232, +993 62 822220.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň