Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Kazanda geçiriljek «Agrowolga 2022» Halkara sergisine gatnaşar

18:0617.06.2022
0
7189

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow bilen Tatarystan Respublikasynyň Senagat we söwda ministri Oleg Korobçenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi diýip, Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsullygynyň metbugat gullugy habar berýär.

Söhbetdeşlik 15-nji iýunda Kazan şäherinde türkmen-tatar Iş toparynyň söwda-ykdysady, ylmy-tehniki hem-de medeni ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça geçiren duşuşygynyň çäklerinde boldy.

Serdarow bilen Korobçenkonyň arasynda geçirilen gepleşiklerde ulag, gämi gurluşygy, nebithimiýa, dokma senagaty, oba hojalygy, lukmançylyk, ylym-bilim ýaly pudaklarda mundan beýläk hem hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar Kazanda döredilen Türkmen Söwda öýüniň işini ýokarlandyrmak bilen bagly meýilnamalar dogrusynda bellediler, şeýle hem işewürlik we döwlet edaralarynyň wekilleriniň özara saparlaryny guramak, şol sanda bilelikdäki sergilere we forumlara gatnaşmak barada pikir alyşdylar.

Bu babatda Tatarystanyň Senagat we söwda ministriniň türkmen wekiliýetini 6 — 8-nji iýul aralygynda Tatarystanyň paýtagtynda geçiriljek «Agrowolga 2022» Halkara agrosenagat sergisine çagyrandygy bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň