Soňky habarlar

Arhiw

2026-njy ýylda geçiriljek Dünýä çempionatyny kabul edýän şäherler belli boldy

14:3217.06.2022
0
10674

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) futbol boýunça 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň geçiriljek 16 şäherini yglan etdi. Ýaryş ABŞ, Kanada we Meksika ýurtlarynda geçiriler.

ABŞ-da dünýä çempionatynyň duşuşyklary Atlanta, Boston, Dallas, Hýuston, Kanzas-Siti, Los-Anjeles, Maýami, Nýu-Ýork, Filadelfiýa, San-Fransisko we Sietl şäherlerinde geçiriler.

Kanadanyň çäginde boýunça dünýä çempionatynyň duşuşyklary Toronto we Wankuwer şäherlerinde meýilleşdirilýär.

Meksikadan bolsa ýaryşyň oýunlaryny Mehiko, Monterreý hem-de Gwadalaharu şäherleri kabul eder.

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionaty FIFA tarapyndan guralýan 23-nji dünýä futbol ýaryşydyr. Onuň final duşuşygyny 2026-njy ýylyň tomsunda geçirmek nazarda tutulýar. Aslynda, bu ýaryşa 32 milli ýygyndy topar gatnaşmaly bolsa, FIFA-nyň prezidenti Janni Infantinonyň 2017-nji ýylyň 10-njy ýanwaryndaky çözgüdine laýyklykda, 2026-njy ýylda Amerikada geçjek dünýä çempionatyna 48 ýygyndy topar gatnaşyp biler. Netijede, bu ýaryş XXI asyrda täze düzgüne laýyklykda geçiriljek ilkinji dünýä çempionaty bolar.

Duşuşyklaryň meýilleşdirilen her şäherinde 3 ýygyndyly toparça bolar, netijede hem düzümi 3 milli ýygyndyly 16 toparça boýunça duşuşyklar alnyp barlar. Häzirlikçe, 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna ýer eýeleri bolan 3 milli ýygyndynyň gatnaşjagy mälimdir, galan 45 gatnaşyjy orunlary üçin bolsa saýlama duşuşyklary geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň