Soňky habarlar

Arhiw

«Aýbölek» sargyt edijileriň isleglerine laýyk gelýän aşhana mebellerini taýýarlaýarlar

10:2316.06.2022
0
8177

Türkmenistanyň mebel bazarynda köplenç halatda alyjylara aşhana mebel toplumlarynyň taýýar görnüşleri ýetirilýär. Emma aşhanalar üçin özboluşly taslama esasynda ölçelip taýýarlanan mebeller öýüň her garyş ýerini ýerlikli peýdalanmaga ýardam berýär.

Bu ugurda «Aýbölek» mebel kärhanasy aşhana mebelleriniň bitewi toplumyny, şeýle-de aşhanalar ýa-da naharhana otaglary üçin aýry mebel düzüm böleklerini taýýarlamakda interýeriň özüne laýyk gelýän ölçeglere salgylanýar.

Munuň netijesinde müşderiler öz aşhana otagynyň ölçegine kybap gelýän laýyk mebellerden peýdalanyp bilýärler.

Aşhana mebelleri taýýarlananda kärhanada ýokary hilli we tebigy materiallardan, ykjam furnituradan peýdalanylýar. Bu bolsa mebelleriň uzak möhlete hyzmat etmegini we olaryň oňaýly bolmagyny üpjün edýär. Kärhanada öndürilýän mebel önümleriniň gapylary we gutular sessiz we ýeňillik bilen açylyp-ýapylmagy üçin olara ýörite mehanizm ýerleşdirilýär.

Şunuň bilen birlikde, «Aýbölek» kärhanasynyň müşderileri özleriniň halaýan reňklerini hem sargyt edýän mebellerinde görüp bilerler. Sebäbi bezeg aýratynlyklarynyň möhüm bölegine reňk sazlaşygyny gazanmak hem şübhesiz degişlidir.

Aşhana mebellerini sargyt esasynda taýýarlatmagyň esasy tapawutly aýratynlyklary onuň köp funksiýany ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly bolup, gutularyň we mebel düzüm bölekleriniň bar bolan gap-gaçlara laýyklykda taýýarlanylmagy we ýerleşdirilmegidir, şeýle-de islendik gaplary ýygnamak üçin amatlylygyň döredilmegidir.

Belläp geçsek, kärhananyň hünärmenleri degişli gurşawy ölçemek, mebelleri ýokary ussatlyk bilen taýýarlamak hem-de olary eltip bermek ýaly hyzmatlary tölegsiz esasda amala aşyrýarlar.

«Aýbölek» mebel dükanynyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Andalyp köç., 80-nji jaý.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 47 01 03, 47 01 04

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň