Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda VIP we CIP ýolagçylaryň howa menzilleriň zallaryndan geçmeginiň tertibi tassyklandy

22:0415.06.2022
0
47792

Türkmenistanda aýratyn wajyp ýolagçylaryň (VIP) we wajyp ýolagçylaryň (CIP) howa menzilleriniň zallaryndan geçmeginiň tertibi tassyklanyldy. Bu baradaky resminama Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň portalynda çap edildi.

Täze tertibe laýyklykda, howa menzillerinde tölegsiz esasda VIP ýolagçylaryň zallarynda hyzmat edilmeli ýolagçylaryň sanawyna şular degişli:

  • Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy we onuň Orunbasary;
  • Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy we onuň Orunbasary.
  • Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary.
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň Geňeşçileri.
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň kömekçileri, şeýle hem olaryň maşgala agzalary.
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygy, orunbasarlary we degişli işgärleri.
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryjysy we onuň orunbasarlary.
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Döwlet Protokoly we Halkara gatnaşyklary bölüminiň müdiri.
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat-kätibi.
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň we Hökümetiniň çakylygy boýunça Türkmenistana iş sapary bilen gelýän Daşary ýurt döwletleriniň hökümetleriniň, parlamentleriniň baştutanlary ýa-da olaryň orunbasarlary, ministr, daşary işler ministriniň orunbasarlary tarapyndan baştutanlyk edilýän daşary ýurt döwletleriniň resmi wekiliýetleri we olaryň ýörite ygtyýarly wekilleri.
  • Türkmenistanyň “Gahrymany” diýen hormatly at dakylan adamlar.
  • Türkmenistanyň Harby we hukuk goraýjy edaralary, ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we häkimler:
  • Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy;
  • Türkmenistanyň Baş prokurory;
  • Türkmenistanyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri;
  • Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy;
  • Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy;
  • Türkmenistanyň Milli Howpsuzlyk ministri;
  • Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy;
  • Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy;
  • Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy;
  • Türkmenistanyň Içeri işler ministri;
  • Türkmenistanyň Daşary işler ministri we onuň orunbasarlary;
  • Türkmenistanyň Adalat ministri;
  • Türkmenistanyň Goranmak ministri;
  • Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory we orunbasarlary;
  • Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentliginiň başlygy;
  • Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygy;
  • Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň başlygy;
  • Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygy;
  • Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy;
  • Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy.
  • Diplomatik wekilhanalar we konsullyk edaralar:
  • Türkmenistanyň Daşary ýurt döwletlerindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçileri;
  • Daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçileri;
  • Halkara guramalarynyň ýanyndaky Türkmenistanyň wekilleri;
  • Halkara guramalaryň Türkmenistandaky wekilhanalaryň baştutanlary;
  • Türkmenistanyň Daşary ýurt döwletlerindäki Konsullyk edaralarynyň baştutanlary;
  • Daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky Konsullyk edaralarynyň baştutanlary;
  • Daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistanda akkreditirlenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi wagtlaýyn ýok bolan ýagdaýynda - Işi wagtlaýyn ynanylan wekili.
  • Türkmenistanyň çäklerinden üstaşyr geçýän daşary ýurt döwletleriniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçileri, Konsullyk gulluklarynyň we Halkara guramalaryň (Diplomatik wekilhanalaryna deň hasaplanylýan) baştutanlary.

Türkmenistanyň howa menzilleriniň CIP ýolagçylaryň zallarynda hyzmat edilmeli ýolagçylaryň sanawy:

  • Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky edaralaryň ýolbaşçylary we orunbasarlary;
  • Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň hünärmenleri;
  • Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary;
  • Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary.
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky edaralarynyň ýolbaşçylary;
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň bölüm müdirleri we jogapkär işgärleri.
  • Türkmenistanyň welaýatlaryna ýa-da daşary ýurtlara iş saparyna gidýän we gelýän hökümet toparynyň wekilleri.
  • Aýratyn wajyp ýolagçylaryň we Wajyp ýolagçylaryň zallaryndan geçmegiň Tertibiniň 2-nji goşundysyndaky sanawda görkezilmedik Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we olaryň orunbasarlary;
  • Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygynyň orunbasarlary;
  • Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasarlary;
  • Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy we onuň orunbasarlary;
  • Türkmenistanyň Adalat ministriniň orunbasarlary;
  • Türkmenistanyň welaýat we Aşgabat şäher häkimleriniň orunbasarlary;
  • Türkmenistanyň etrap we etrap hukukly şäher häkimleri;
  • Türkmenistanyň Döwlet komitetleriniň, Döwlet gulluklarynyň başlyklarynyň orunbasarlary;
  • Türkmenistanyň Döwlet korporasiýalarynyň, konsernleriniň, birleşikleriniň, assosiasiýalarynyň başlyklary;
  • Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň orunbasarlary;
  • Türkmenistanyň banklarynyň müdirýetleriniň başlyklary;
  • Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygynyň orunbasarlary;
  • Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygynyň orunbasarlary;
  • Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasarlary;
  • Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasarlary;
  • “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň başlygynyň orunbasary;
  • Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň, geňeşleriniň, kärdeşler arkalaşyklarynyň we bileleşikleriniň ýolbaşçylary;
  • Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň bölümleriniň başlyklary;
  • Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygynyň orunbasarlary;
  • Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň başlygynyň orunbasarlary;
  • Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygynyň orunbasarlary;
  • Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentliginiň başlygynyň orunbasarlary;
  • Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygynyň orunbasarlary;
  • Türkmenistanyň Müftüsi;
  • Türkmenistanyň Diplomatik pasporty bolan adamlary we olaryň kämillik ýaşyna (18 (on sekiz) ýaşa çenli) ýetmedik çagalary;
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat-kätibiniň degişli işgärleri;
  • Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentliginiň resmi çakylygy esasynda gelýän myhmanlary;
  • Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory we onuň orunbasary;
  • Adalatçy;
  • Türkmenistanyň ýokary hünär bilim edaralarynyň rektorlary, akademiýalaryň Prezidentleri, direktorlary.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň