Awstraliýanyň milli ýygyndysy dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy

12:1414.06.2022
0
4066

Katarda geçirilen dünýä çempionatynyň saýlama pleý-offunda Awstraliýanyň milli ýygyndysy Peruny utdy.

Oýnuň esasy wagty 0:0 hasabynda tamamlandy. Netijede, penaltilerden dürs peýdalanan Awstraliýanyň ýygyndysy (5:4) dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Şeýlelikde, Awstraliýa topary Daniýa, Fransiýa we Tunis bilen birlikde "D" toparçada dünýä çempionatynyň final tapgyrynda bäsleşer.

Häzirki wagtda Katardaky dünýä çempionatyna gatnaşjak 32 ýygyndynyň 31-si belli boldy.

Dünýä çempionatyna gatnaşjak iň soňky ýygyndy Kosta-Rika — Täze Zelandiýa duşuşygyndan soň belli bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň