Şu gün Aşgabatda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly iki günlük halkara ylmy maslahat öz işine başlady. Ol Türkmenistanda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli geçirilýär.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mejlisler zalynda açylan maslahata Türkmenistanyň belli alymlary, Ylymlar akademiýasynyň ugurdaş institutlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýaş ylmy barlagçylary, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem oňa sanly ulgam arkaly dünýäniň 20 ýurdunyň ylmy düzümleriniň wekilleri goşuldylar. Şolaryň hatarynda Azerbaýjan, Belarus, Ermenistan, Wengriýa, Germaniýa, Gruziýa, Eýran, Gyrgyzystan, Litwa, Hytaý, Russiýa, Koreýa Respublikasy, Özbegistan we beýlekiler bar.
Açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ylmy maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.
Bu gezekki forumyň gün tertibine ylmy barlaglaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça özara gatnaşyklar, täze tehnologiýalary işläp taýýarlamak we olary ulanmak meseleleri girizildi. Maslahatyň dowamynda sanly ulgam arkaly Belarus Respublikasynyň Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidiumynyň başlygy, akademik Wladimir Gusakow, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň wise-prezidenti, akademik Andreý Adrianow, Gruziýanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidenti, akademik Georgiý Kwesitadze, Gyrgyz Respublikasynyň Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidenti, akademik Myrat Jumataýew we beýlekiler gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.
Çykyş edenler bilimiň dürli ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilen möhüm meselelere degip geçdiler we öz geçiren ylmy-barlag işleri barada maglumat berdiler. Şeýle hem halkara ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmekde, durmuş ulgamynda sanly tehnologiýalary ulanmakda, umumy akademiki binýady döretmekde we sebit möçberinde hem-de has giň derejede ylmy-tehniki wezipeleri çözmek üçin hyzmatlar ulgamyny emele getirmekde toplanan tejribeler barada aýtdylar.
Daşary ýurtly alymlaryň sanly ulgam arkaly çykyşlarynda Türkmenistanyň ylmy toparlary bilen Prezident Serdar Berdimuhamedowyň halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynda aýdan ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň geljegi barada giňişleýin maglumatlar berildi. Çykyşlarda ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny ösdürmegiň amaly we usulyýet meseleleri möhüm orun eýeledi. Çykyşlaryň birinde daşky gurşawy goramak meselelerine bolan ylmy çemeleşmeler barada aýdylyp, mikroorganizmleriň hem-de ösümlikleriň hereketlerine esaslanýan innowasion ekologiýa, biotehnologiýa ýaly ugurlaryň ähmiýeti barada gürrüň berildi.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň çäginde we kenarýaka şäherde deňiz suwunyň düzüminiň ýurdumyzyň alymlary tarapyndan yzygiderli seljerilýändigini bellemek gerek. Şeýle hem paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň beýleki ilatly ýerleriniň howasynyň derejesine gözegçilik ýola goýuldy. Daşary ýurtly hünärmenler tarapyndan täze tehnologiýalary işläp taýýarlamak babatda türkmen kärdeşleri bilen tejribe alyşmaga we hyzmatdaşlygy ýola goýmaga taýýarlyk mälim edildi. Şunda täzeçil tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak üçin synag-seljeriş ugry boýunça bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagynyň ähmiýetlidigi bellenildi.
Halkara maslahat 13-nji iýunda öz işini birnäçe ugurlar boýunça dowam etdirer. Şeýlelikde, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika» mowzugy boýunça mejlis geçiriler. Onda türkmen hünärmenleri daşary ýurtly alymlary häzirki döwürde ýurdumyzyň nebit we gazhimiýa, energetika pudaklarynyň önümçiligine ornaşdyrylýan täze işläp taýýarlamalar bilen tanyşdyrarlar.
Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika ugurlaryny ylmy taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Onda howanyň üýtgemegi, oba hojalyk ylmynyň wezipeleri we oba hojalygynyň innowasion ösüşi bilen baglanyşykly meselelere garalar. Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary ýaly ugurlar boýunça pikir alyşmalar bolar. Şeýle hem aragatnaşyk ulgamyna öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, programma üpjünçiligi, kosmos we hemra aragatnaşyk ugurlary, ulag-logistika ulgamy, şäher hojalygyny dolandyrmak ýaly ugurlaryň täzeçil tehnologiýalarynyň tanyşdyrylyşy bolar.
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini ösdürmek tehnologiýalary bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Şonda alymlar kardiologiýa operasiýalary, mikrohirurgiýa, stomatologiýa, oftalmologiýa, trawmotologiýa, onkologiýa, nanotehnologiýa, farmasewtika, şeýle hem anyklaýyş enjamlarynyň toplumlary babatda täzeçil usullar boýunça pikir alşarlar.
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda innowasion ykdysadyýet ugry boýunça mejlis geçiriler. Onda salgyt we maýa goýum syýasatynyň, öňüni alyş diplomatiýasynyň, söwda gatnaşyklaryny ösdürmegiň, iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmegiň meselelerine, maglumat tehnologiýalarynyň ykdysadyýetde eýeleýän ornuna serediler.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ynsanperwer ylymlary ösdürmegiň esasy ugurlary boýunça maslahatlar bolar. Bu ýerde bilim syýahatçylygy, ýokary netijeli sportda we bedenterbiýe-sagaldyş hereketinde innowasion tehnologiýalar, etnoekologiýada kompýuter lingwistikasy ýaly gyzykly ugurlary öz içine alýan pikir alyşmalar bolar. Şeýle hem alymlar taryhy we arheologik barlaglaryň jemleri, mugallymçylyk, sungaty, sazy we edebiýaty öwrenmek boýunça geçirilen işleriň netijeleri boýunça çykyş ederler.