Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan ― Bangladeş duşuşygynyň başlangyç düzümleri belli boldy

13:5811.06.2022
0
5106

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2023-iň saýlama tapgyrynda Bangladeş bilen geçirjek duşuşygynyň başlangyç düzümi belli boldy. Taryhynda ozal biri-biri bilen duşuşymadyk garşydaşlaryň ilkinji duşuşygy şu gün Kuala-Lumpur şäherindäki «Bukit Jalil» stadionynda geçiriler. Ol Aşgabat wagty bilen 14:15-de başlanar.

Türkmenistanyň başlangyç düzümi: Mämmet Orazmuhammedow (derwezeçi), Zafar Babajanow, Güýçmyrat Annagulyýew, Wezirgeldi Ylýasow, Möwlamberdi Goşşanow, Ahmet Ataýew, Elman Tagaýew, Selim Nurmyradow, Altymyrat Annadurdyýw, Begmyrat Baýow, Röwşengeldi Halmämmedow.

Bangladeşiň başlangyç düzümi: Anisur Rahman Ziko, Ýasin Arafat, Md Tutul Hoseýn Badşa, Bişwanat Goş, Md Rimon Hosseýn, Jamal Bhuýan, Biplo Ahamed, Sazzad Hossen, Rakib Hosseýn, Md Atikur Rahman Fahad, Mohammad Ibragim.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň