Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Hindistanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen wideokonfrensiýa geçiriler

10:4311.06.2022
0
6579

Şu ýylyň 15-nji iýunynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Hindistanyň işewürler toparlarynyň wekilleri bilen tapgyrlaýyn wideo-duşuşyk geçiriler. Oňa gatnaşmaga türkmen senagatçylary we telekeçileri hem çagyrylýar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň resmi web-saýtynda habar berlişi ýaly, onlaýn-duşuşykda hindi tarapyndan Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, Hindistanyň Söwda assosiasiýasynyň we eksporty ilerletmek Merkeziniň, şeýle-de oba hojalyk, dokma we IT önümçilik kärhanalarynyň wekilleri gatnaşar.

Hindi işewürleri bilen geçiriljek duşuşyklara gatnaşmaga isleg bildirýän türkmen kärhanalary arzalaryny 2022-nji ýylyň 13-nji iýunyna çenli 39-88-38 ýa-da 65-93-29 telefon belgileri arkaly habarlaşyp ibermelidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň