Türkmenistanly Aýsulu Babaýewa talyplaryň arasynda geçirilen «Жемчужина Мира – 2022» XII Halkara açyk gözellik we zehin bäsleşiginde wise-Miss bolmagy başardy. Bäsleşigiň jemleýji tapgyry ýaňy-ýakynda Tatarystanyň paýtagtynda geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsullygynyň metbugat gullugy habar berdi.
Aýsulu Kazanyň (Priwolžsk) döwlet uniwersitetiniň Ykdysadyýet fakultetiniň 2-nji ýyl talyby. Ol bu bäsleşikde gazanan esasy baýragyndan başga-da, «Мисс вдохновение» derejesine hem mynasyp görüldi.
Dürli halklaryň medeni aýratynlyklaryny özünde jemlän bäsleşige dünýäniň 15 ýurdundan 40 gatnaşyjy arza tabşyrdy. Olaryň ählisi hem Tatarystanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýarlar. Bäsleşikde baş baýrak üçin 14 gyz bäsleşdi. Olar jemleýji tapgyrda wideo çykyşyny, defile hem-de döredijilik çykyşyny hödürlediler. Aýsulu jemleýji tapgyrda 4 sany suraty şekillendirip, olary birikdirmegiň netijesinde türkmen gyzynyň şekilini emele getirdi.