Aşgabatly konditer täsin tortlary taýýarlaýar

11:1210.06.2022
0
66823

Aşgabatly konditer Bäşim Soltanow her bir gören adamy haýran galdyrýan täsin tortlary taýýarlaýar. Ussat suratkeş köp ýyl mundan ozal öz nakgaşlyk ukybyny we işini iýilýän surat eserlerini taýýarlamaga bagyşlamak bilen, adamlaryň, dürli jandarlaryň, her hili bezegleriň şekillerini tort önümleri bilen utgaşdyryp gelýär. Täsin görnüşde gözüňe hoş ýakýan bu tortlary görseň iýmäge-de dözüp bolmaýar. Emma olara syn etmekden welin asla ünsüňi sowasyň gelmeýär.

Konditeriň bişiren tortlarynyň arasynda nusgawy tortlar hem bar. Ýöne onuň özbaşdak haýran galdyryjy sungatyny bolsa çeperçilik bilen taýýarlan tortlary döretdi. Ine-de konditeriň medeni tematikada döreden ajaýyp tort eserleri:

Bäşim Soltanowyň el bilen ýasaýan gözellikleri 3D printerden kem däldir. Mysal üçin, bu «Çokundyran ata» filminden:

Bu bolsa Naomi Kempbelliň tortdaky şekili:

Görýän ajaýyp tortlaryňyz ertekiler dünýäsinden:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň