Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Çehiýa ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

16:3109.06.2022
0
5915

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, 8-nji iýunda Türkmenistanyň we Çehiýanyň ulag ulgamynyň wekilleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp sanly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Onlaýn-duşuşygyň dowamynda taraplar howa ulaglary we demir ýol ulaglary ýaly möhüm pudaklarda gatnaşyklary ýola goýmak hem-de berkitmek bilen baglanyşykly meselelere seretdiler. Duşuşykda raýat awiasiýasy pudagynyň hukuk binýadynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň