Önümlerini daşary ýurtlara eksport edýän türkmen kärhanalaryna «Koreýa — Merkezi Aziýa 2022» onlaýn sergisine gatnaşmak arkaly Koreýanyň tejribeli kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk açmak mümkinçiligi döredi.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň saýtynda habar berlişi ýaly, bu sergi Koreýa bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň diplomatik gatnaşyklary ýola goýmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýär.
Halkara sergi Koreýanyň Halkara söwda guramasy bilen «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň Sekretariaty tarapyndan guralýar.
Sergä gatnaşmak üçin çakylyk Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky diplomatik gatnaşyklar boýunça wagtlaýyn ynanylan wekilligine, şeýle-de Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Koreýadaky diplomatik wekilliklerine iberildi.
Bu onlaýn-platforma maý aýynyň ahyrynda badalga berildi. Onuň netijesinde önümlerini eksport edýän kärhanalar Merkezi Aziýanyň hem-de Koreýanyň kompaniýalary bilen özara bähbitli netijeli hyzmatdaşlyklary ýola goýmaga mümkinçilik alýarlar.