Türkmenistanyň Türkmen döwlet habarlar agentliginiň fotohabarçysy Wýaçeslaw Sarkisýanyň «Talyp gyzlar» atly düşüren fotosuraty Çehiýanyň fotosuratçylar jemgyýetiniň abraýly PhotoArt PRAGUE halkara fotosalonynyň altyn medal baýragyna eýe boldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» internet neşiri habar berýär.
Wýaçeslaw Sarkisýan eýýäm bu ugurda 30 ýyla golaý wagt bäri fotohabarçy kärinde zähmet çekip gelýär. Iş tejribesinde ol Turkmenistan žurnaly, şeýle-de Turkmenistan.ru elektron neşiri bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. Bu babatda ol «Фотоискусство» guramasynyň hem agzasy hasaplanylýar.
Fotosuratçynyň suratlary dürli ýyllarda dünýäniň 45 ýurdunda geçirilen 150 töweregi fotobäsleşiklerde köpçülige tanyşdyryldy. Bäsleşiklerde we sergilerde hödürlän suratlary Wýaçeslaw Sarkisýana 22 sany arzyly baýragy bagyş etdi. 2014-nji ýylda FIAP we UNESCO EFIAP baýragyna mynasyp 9 sany fotosuratçynyň atlaryny mälim edende hem, Sarkisýanyň ady sanawda bardy.
Ýakyn günlerde bolsa fotosuratçynyň «Talyp gyzlar» atly fotosuratyna «Grand Ýewraziýa» bäsleşiginde (Russiýa), China International Photography Art Exhibition sergisinde (Hytaý), şeýle hem «Dünýäniň adamlary – 2022» V halkara fotosuratlaryň bäsleşiginde ýokary bahanyň berlendigi mälim boldy.
Fotosuratçynyň indiki maksatlarynyň esasylarynyň biri — üçünji «Ferula-2022» halkara fotobäsleşigine gatnaşmakdyr.