Soňky habarlar

Arhiw

«Sungat mebel» sargyt boýunça özboluşly mebelleri taýýarlamak hyzmatyny hödürleýär

13:3008.06.2022
0
8240

Mebel önümçilik senagatynda iň bir ýörgünli möwsüm tomus pasly hasap edilýär.

Bu babatda müşderiler tomus paslynyň gelmegi bilen dynç alyş möwsümi arkaýynlykda öý bezeglerini üýtgetmek, çagalaryň otaglaryny täze bezegler bilen üpjün etmek, şeýle-de ýaş çatynjalara täze öýi taýýarlamak üçin Türkmenistanyň öňdebaryjy mebel öndürijileriniň biri bolan «Sungat mebel» mebel kärhanasyna ýüz tutup bilerler.

«Sungat mebel» hususy kärhanasy ýurduň mebel önümçilik pudagynda 2014-nji ýylda peýda boldy. Kärhana häzirki wagtda özbaşdak dizaýn taslamalary boýunça ýokary hil standartyna laýyk gelýän, döwrebap, oňaýly hem-de köptaraplaýyn mebelleri öndürip alyjylara ýetirýär.

Kärhananyň hünärmeni «Sungat mebeliň» tapgyrlaýyn ýa-da yzygiderli bir nusgadaky mebelleri däl-de, sargytlar boýunça özboluşly, has takygy ýeke-täk nusga mebelleri öndürýändigini belläp geçýär.

Russiýanyň tebigy agaç materiallaryndan taýýarlanylýan hem-de Türkiýäniň ýokary hilli furniturasyndan tejribeli ussalaryň elinde öndürilýän mebeller öýleriň amatly gurşawyny döretmäge giňden ýardam edýär.

«Sungat mebel» kärhanasy müşderiniň isleglerini göz öňüne tutup, aşhana we ýatylýan jaýlar, girelge hem-de myhman otagy üçin, çaga mebelleri, basgançaklar üçin ýokary hilli örtükleri we beýleki mebel önümleriniň ýumşak hem-de bitewi görnüşlerini taýýarlaýar.

Şeýle-de kärhana ähli mebellerine 1 ýyllyk möhlet bilen kepillik berýär.

Häzirki wagtda «Sungat mebel» hususy kärhanasy ähli önümlerini giň köpçülige tanyşdyrmaga mümkinçilik berjek dükanyny açmaga taýýarlyk görýär.

Kärhananyň hünärmenleri bilen habarlaşmak hem-de mebel sargyt etmek üçin şu telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz: +993 62 35 99 27; +993 61 81 67 21; +993 61 81 13 59.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň