Moskwadaky “Nowruz — 2015” umumy şäher baýramy diýseň köp sanly myhmanlary bir ýere jemledi. Ýedi müňden gowrak adam Lužnikidäki “Russiýa” Döwlet konsert zalynda geçirilen bahar dabaralarynyň gözli şaýady boldy.
Şüweleňli çäräni Moskwa şäheriniň Milli syýahat, sebitara gatnaşyklar we syýahatçylyk baradaky departamenti ýakyn we uzak daşary döwletleriň ilçihanalary, Russiýa federasiýasynyň edaralar wekilhanalary we Moskwa şäheriniň milli jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde gurady.
Konsert zalynyň girelgesindäki meýdançada baýramçylyga gatnaşyjylar öz ýurtlarynyň we sebitleriniň önümleriniň sergisini ýaýbaňlandyrdylar. Bu ýere gelýänlere goýlan dürli durmuşy we milli medeni zatlar görkezildi hem-de olar barada gürrüň berildi. Türkmenistanyň pawilýony olarda uly gyzyklanma döretdi. “Türkmenistanyň söwda öýüniň” hünärmenleriniň saýlap-seçip, bu sergä hödürlän eksponatlary milli senetçiligiň we milli egin-eşikleriň däp bolup gelýän ýörelgeleri barada doly düşünje almaga şert döretdi. Dürli sowgatlaryň bollugy bolsa bu ýere gelenleriň her birine Türkmenistan barada ýadygärlik hökmünde nämedir bir zady ýany bilen alyp gitmäge mümkinçilik berdi.
Baýram bellenilýän esasy konsert meýdançasynda uzakly gün aýdym-saz ýaňlandy. Moskwanyň “Nowruz — 2015” baýramyna gatnaşan aşgabatly belli aýdymçylar Gözel Öwezowa bilen Nury Nuryýew häzirki zaman türkmen estrada sungatynyň ajaýyp aýdymlaryny ýerine ýetirdiler.