Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň azyk howpsuzlygy üçin 300 million dollar bölüp berdi

21:4504.06.2022
0
9548

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu ýylyň bäş aýynyň netijelerine bagyşlap, şu gün geçiren mejlisiniň dowamynda wise-premýer M.Muhammedow hasabat bilen çykyş etdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, wise-premýer azyk önümleri bilen üpjünçiligi has-da gowulandyrmak azyk harytlarynyň ýeterlik möçberdäki gorlaryny döretmek we içerki bazarlarda azyk harytlarynyň bolçulygyny üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, degişli düzümlere ilaty azyk harytlary bilen bökdençsiz we kadaly üpjün etmek üçin maliýe serişdelerini bölüp bermek teklip edilýär. Şeýle hem 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetinde býujetden sarp edijileri azyk harytlary bilen bökdençsiz we kadaly üpjün etmek üçin ýeterlik möçberlerde maliýe serişdelerini göz öňünde tutmak meýilleşdirilýär. Hormatly Prezident hasabaty diňläp, hödürlenen teklipleri makullady we mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurduň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, telekeçilere goldaw hökmünde 150 million amerikan dollaryny bölüp bermek barada karara gelendigini, zerur azyk harytlaryny satyn almak üçin Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine-de 150 million amerikan dollary möçberde pul serişdeleriniň bölünip berilýänligini belledi. Döwlet Baştutany degişli karara gol çekip, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň