Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2022-däki ikinji duşuşygyny şu gün Daşkent şäherinde Eýranyň ýygyndysy bilen geçirer. Bu duşuşykda awstraliýaly eminler işlär.
AFK-nyň ştab-kwartirasynyň mälim edişi ýaly, duşuşygyň baş emini FIFA derejeli hünärmen Jorj King bolar. Oňa watandaşlary Jorj Lakrindis bilen Ouen Goldrik ýardam berer. Ätiýaçdaky emin Jonatan Barreýro bolar. Duşuşygyň inspektory bolmak kuweýtli Saad Al-Fadlä ynanyldy. Katarly Ali Homud Al-Naimi bolsa duşuşygyň komissary bolar.
Şu gün sagat 18:00-da başlanjak duşuşyk Daşkent şäherindäki «Pahtakor» stadionynda geçiriler.