Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Şa zenany Ýelizaweta II tagta geçmeginiň 70 ýyllygy bilen gutlady

22:3603.06.2022
0
1363
Türkmenistanyň Prezidenti Şa zenany Ýelizaweta II tagta geçmeginiň 70 ýyllygy bilen gutlady
surat: ria.ru

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Şa zenany Ýelizaweta II tagta geçmeginiň 70 ýyllygy – Platina ýubileý baýramy hem-de doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly,

– Geçen ýyllaryň dowamynda Siziň öňdengörüjilikli syýasatyňyz we ýadawsyz zähmetiňiz netijesinde bütin dünýäde belent abraýa eýe bolduňyz – diýlip, döwlet Baştutanynyň Gutlag hatynda nygtalýar.

Türkmenistanyň Prezidenti şu ýyl Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigine ünsi çekip, Onuň Alyjenabynyň ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda hem-de işjeňleşdirilmegine aýratyn uly goşandyny belledi hem-de bu gatnaşyklaryň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Şa zenany Ýelizaweta II berk jan saglyk we bagt, Patyşalygyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we ösüş baradaky tüýs ýürekden arzuwlaryny beýan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň