Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly samboçylar ýaşlaryň arasyndaky yklym birinjiliginde iki medal gazandylar

09:4303.06.2022
0
3142
Türkmenistanly samboçylar ýaşlaryň arasyndaky yklym birinjiliginde iki medal gazandylar
Çeşme: sambo.sport

Türkmenistanly ýaş samboçylar ýaşlaryň arasynda Liwanyň Juniýa şäherinde geçirilýän Aziýanyň birinjiliginiň ilkinji gününde medallaryň ikisine mynasyp boldular. Halkara sambo federasiýasynyň resmi saýtynyň habar berşi ýaly, olar bir altyn we bir bürünç medaldyr.

Türkmen ýygyndysynyň altyn medalyny Rustam Annamuhammedow eýeledi. Ol 98 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşdy.

Final tutluşygyna çenli güýçli garşydaşlarynyň birnäçesinden rüstem gelen ildeşimiz çempiony kesgitlejek aýgytlaýjy tutluşykda hem gazagystanly Damir Akhetden üstün çykdy. Şeýlelikde, türkmenistanly türgen yklym birinjiliginiň altyn medalyna mynasyp boldy.

Ýaryşda üçünji orny özbegistanly Aziz Zubaýdullaýew eýeledi.

Şeýle hem türkmenistanly samboçy Seýdylla Akmämmedow ýaryşda bürünç medala mynasyp boldy. Geljegine uly umyt bildirilýän ildeşimiz 64 kilograma çenli agram derejesinde çykyş etdi. Ol hormat münberiniň üçünji basgançagyny gazagystandan Arman Nurjanow bilen paýlaşdy.

Ýaşlaryň arasynda bu agram derejesinde geçirilen ýaryşda özbegistanly Sunnat Boltaýew Aziýanyň çempiony boldy. Ol final tutluşygynda gyrgyzystanly Munarbek Baktiýar uuluny ýeňdi. Şeýlelikde, gyrgyz türgen bu agram derejede kümüş medala mynasyp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň