Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň gümrük gullugynyň işgärleri konteýner gatnawyna gözegçilik etmek meselesini ara alyp maslahatlaşmaga gatnaşdylar

15:4402.06.2022
0
10797

Täjigistan Respublikasynyň Duşanbe şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi bilen Bütindünýä gümrük guramasynyň arasyndaky «Konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek boýunça» Ählumumy maksatnamasynyň çäklerinde Gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň ýedinji sebitara duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyndan wekiliýet gatnaşdy.

Gullugyň resmi web-saýtynda habar berlişi ýaly, duşuşyk Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Päkistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň gümrük gulluklarynyň we beýleki ygtyýarly edaralarynyň ýolbaşçylaryny we ygtyýarly wekillerini, şeýle hem halkara hyzmatdaş guramalaryň wekillerini özünde jemledi.

Iki günlük duşuşyga gatnaşyjylar ýük/konteýner daşamalara gözegçilik etmekdäki ileri tutulýan ugurlar, zerurlyklar we kynçylyklar, gümrük edaralarynda halallyk ýörelgelerini öňe sürmek, şeýle hem Maksatnama gatnaşyjy döwletleriň gümrük gulluklarynyň arasynda sebitara hyzmatdaşlygy berkitmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Çeşmäniň habar bermegine görä, «Konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek boýunça» Ählumumy maksatnamasyna Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi hem-de Bütindünýä gümrük guramasy tarapyndan 2004-nji ýylda badalga berildi. Bu taslamanyň maksady harytlaryň bikanun söwdasynyň öňüni almak üçin deňiz portlarynda, howa menzillerinde we gury ýer gümrük gözegçilik-geçiriş ýerlerinde töwekgelçiligi dolandyrmak, howpsuz haryt dolanyşygyny üpjün etmek, söwda amallaryny ýeňilleşdirmek boýunça Maksatnama gatnaşyjy döwletleriň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak bolup durýar.

Duşuşygyň jemi boýunça bilelikdäki beýannama kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň