Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda çagalaryň dynç alyş möwsüminiň birinji tapgyryna badalga berildi

11:0002.06.2022
0
4585

Şu gün Aşgabat şäherindäki Çagalar we ýetginjekler köşgünde mekdep okuwçylaryny Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezlerine ugratmagyň däbe öwrülen ajaýyp dabarasy boldy. Ir säherden aýdym-saza beslenen dabara dynç alşa ugradyljak çagalar we olaryň hossarlary, köp sanly myhmanlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

«Nesil» gazetiniň elektron neşirinde habar berlişi ýaly, bu ýerde körpe nesilleriň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan şirin owazlar, çagalar folklor we tans toparlarynyň çykyşlary ýakymly pursatlary döretdi. Ertekileriň meşhur gahrymanlarynyň hem bu dabara gatnaşyp, çagalaryň şatlygyny paýlaşmagy körpe myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Çagalar we ýetginjekler köşgüniň giň howlusynda guralan sergi hem özboluşlylygy bilen tapawutlandy.

Ajaýyp dabaralardan soň, «Gökderäniň aýdymyny» dillerine sena edinen körpe nesillerimiz bagtly çagalygyň mekanyna sary ýola rowana boldular.

Bilşimiz ýaly, Gökdere jülgesi jana şypaly arassa howasy, tebigat gözellikleri bilen aýratyn tapawutlanýar. Gojaman daglar, towlanyp akýan çeşme-çaýy, salkyn jülge... behişdi mekana öwrülen bu ýerde welaýatlardan we Aşgabatdan gelen mekdep okuwçylary we körpeleri özleriniň iň bir gyzykly, ýatdagalyjy, şadyýan pursatlaryny başdan geçirerler.

Çagalaryň oňaýly dynç almaklary üçin Gökderede «Nesil», «Altyn sümmül», «Altyn damja», «Ýaşlyk», «Demirýolçy», «Çeşme» ýaly onlarça çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri hereket edýär. Bu ýerdäki ýokary hilli enjamlar bilen üpjün edilen sport zallarynda, kompýuter we dynç alyş otaglarynda, kitaphanalarda, sport meýdançalarynda körpe nesiller wagtlaryny şadyýan geçirerler.

Şu gün Türkmenistandaky çagalar sagaldyş merkezleriniň ählisinde tomusky dynç alyş möwsümi badalga aldy. Gökderede hem-de welaýatlarda ýerleşýän dynç alyş merkezleri dynç alýan ilkinji ýaş nesilleri kabul etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň