Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy halkara sertifikata mynasyp boldy

11:4101.06.2022
0
6973

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy ISO 9001-2015 halkara standartlara laýyk gelýändigi barada ýörite sertifikata eýe boldy. Degişli sertifikat Slowakiýanyň «CERT International» halkara sertifikasion guramasy tarapyndan berildi.

TSSE-niň resmi web-saýtynda habar berlişi ýaly hil dolandyryş ulgamyna baha bermeklik «Halkara standart hyzmatlary» HK-sy tarapyndan amala aşyryldy. Degişli sertifikat ýokary derejeli köpugurly halkara sergileri, ýarmarkalary geçirmeklige hil babatda güwä geçýär.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy häzirki wagtda ýurduň ykdysadyýetiniň ösmegine, dünýä ykdysady ulgamyna goşulyşmagyna, häzirki zaman senagatyny döretmekde, maliýe we söwda infrastrukturasynyň döremegine, telekeçilik işi üçin amatly şertleriň döredilmegine; daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda, ykdysady, ylmy we tehniki gatnaşyklary ýola goýmak üçin kömek bermeklik bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň