Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Mukam» skripkaçylar ansamblynyň gala-konserti geçiriler

15:4629.05.2022
0
8232

Aşgabatlylar we paýtagtyň myhmanlary 31-nji maýda Magtymguly adyndaky sazly drama teatrynda geçiriljek «Mukam» skripkaçylar ansamblynyň gala-konsertine gatnaşmaga çagyrylýar.

«Bagtly nesil» ady bilen guraljak bu konsertiň meýilnamasyna laýyklykda, onda türkmen hem-de günbatar Ýewropa kompozitorlarynyň ajaýyp sazlary ýerine ýetiriler.

Konsert 19:00-da başlanýar we onuň girişi tölegsizdir.

«Mukam» skripkaçylar ansamblynyň düzüminde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen döwlet konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdebiniň okuwçylary çykyş edýärler. Ansambly esaslandyran we onuň tejribeli çeper ýolbýaşçysy Türkmenistanyň Halk artisti Garold Neýmarkdyr.

Häzirki wagta çenli «Mukam» skripkaçylar ansambly birnäçe gezek halkara baýraklaryna mynasyp bolmagy başardy. Ýaş skripkaçylar türkmen sazyny dünýäniň dürli künjeginde ýaňlandyrdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň