Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň sambo boýunça milli ýygyndysy Liwanda geçiriljek Aziýanyň çempionatyna gatnaşar

15:0030.05.2022
0
4268
Türkmenistanyň sambo boýunça milli ýygyndysy Liwanda geçiriljek Aziýanyň çempionatyna gatnaşar

Düýn Türkmenistanyň sambo we söweş sambosy boýunça ýygyndy topary Sambo boýunça Aziýa çempionatyna gatnaşmak üçin Liwan Respublikasynyň Juniýa şäherine ugrady. Türkmen ýygyndysy 30-njy maý — 5-nji iýun aralygynda şol ýerde bolup, Aziýanyň çempionlygyny gazanmak ugrunda göreşer. Ýaryşlar 2 — 4-nji iýun aralygynda geçer. Bu barada «Salamnews» ýazdy.

Türkmen toparyna 34 adam agzalyk edip, milli wekiliýetde Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň wekili hem-de tälimçiler Şöhrat we Nurmyrat Annamuhammedowlar, Nurmämmet Tekäýew dagy bolar. Şeýle-de, ýaryşa eminlerimiziň üçüsi gatnaşar.

Sambo boýunça ýaryşlarda Muhammetmyrat Bäbekow (58 kg), Muhammet Kössekow (64 kg), Kakageldi Ýegenbaýew (71 kg), Begenç Baltaýew (79 kg), Nedir Allaberdiýew (88 kg), Guwanç Begaliýew (98 kg), Batyr Hojamuhammedow (+98 kg), ýetginjeklerden Baýrammyrat Garaýew (58 kg), Seýdylla Akmämmedow (64 kg), Rustam Annamuhammedow (98 kg) dagy tutluşyklara çykar. Zenanlardan bolsa Dinara Iwadullaýewa (50 kg), Täzegül Huddyýewa (54 kg), Madina Aýdogdyýewa (59 kg), Dinara Hallyýewa (65 kg), Rano Uzakowa (72 kg), Faride Mämedowa (80 kg) we Maksuda Egemberdiýewa (+80 kg) öz agram derejelerinde yklymyň çempionlygy ugrunda göreş alyp bararlar.

Söweş sambosyndan Ahmet Tanriberdiýew (58 kg), Meýlis Niýazmeňliýew (64 kg), Muhammetnyýaz Gurbandurdyýew (71 kg), Rüstem Penjiýew (79 kg), Serdar Hojamuhammedow (88 kg), Çarymyrat Annagurbanow (98 kg), Babajan Iwadullaýew (+98 kg) dagy milli wekiliýetimiziň düzüminde ýaryşa çykar. Bu görnüşden ýaryşjak zenanlar toparymyzda bolsa Weronika Rus (54 kg), Angelina Filippowa (59 kg) hem-de Sabina Agajanowa (+80 kg) bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň