Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň saýtynda köp berilýän sowallar üçin bölüm döredildi

19:2428.05.2022
0
6766

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi web saýtynda «Köp soralýan soraglar» diýen ýörite bölüm açyldy. Ol saýtyň esasy sahypasyna giren mahalyň sahypanyň gyrasynda peýda bolýar.

Ol ýerde berilýän soraglar maşgala, durmuş, iş hem-de sosial gatnaşyklary ýaly aýry-aýry ugurlara degişlidir. Saýta girýänler bu ýerden öz sowallaryna jogap tapmadyk ýagdaýlarynda saýtyň «Onlaýn ýüz tutma» hyzmatyndan peýdalanyp bilerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň