Soňky habarlar

Arhiw

«Матч ТВ» teleýaýlymy UEFA Çempionlar ligasynyň final duşuşygyny göni ýaýlymda görkezer

20:3127.05.2022
0
4067
«Матч ТВ» teleýaýlymy UEFA Çempionlar ligasynyň final duşuşygyny göni ýaýlymda görkezer

28-nji maýda Madridiň «Realy» bilen «Liwerpul» futbol toparlarynyň arasynda UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň final duşuşygy geçiriler. Duşuşyk ýaryşyň häzire çenli geçirilip başlanany bäri 67-nji möwsümiň, Ýewropa çempionlarynyň kubogy adynyň Çempionlar ligasy diýlip üýtgedileninden bäri bolsa 30-njy möwsümiň finaly bolup taryha girer.

Duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 23:55-de başlanar. Rus teleýaýlymy «Матч ТВ» duşuşygy göni ýaýlymda tomaşaçylara ýetirer. Teleýaýlymyň Türkmenistanyň çägindäki IP TV ýaýlymynda bardygyny bellemek bolar.

2021/2022-nji ýyl möwsüminiň final duşuşygy Parižiň «Stad-de-Frans» stadionynda geçiriler. Stadionyň ýerleri 80 000 tomaşaça niýetlenip, bu ýerde 1998-nji hem-de 2016-njy ýyllaryň çempionlyklarynyň final duşuşyklary geçirildi.

Bu duşuşyk Madridiň «Realy» bilen «Liwerpul» toparlarynyň arasyndaky degişli ýaryşdaky üçünji gezek geçirilýän final tapgyryna öwrüler. Toparlaryň arasynda 1981-nji ýylda geçen duşuşykda iňlis topary 1:0 hasaby bilen ýeňen bolsa, şondan takmynan 44 ýyl soň, 2018-nji ýylda final tapgyry madridlileriň hasabyna 3:1 ýeňiş bilen tamamlanypdy.

Bu duşuşykda ýeňiş gazanan topar UEFA Ýewropa ligasynda ýeňen topar bilen UEFA-nyň Naýbaşy kubogyny almak üçin güýç synanyşar. Şeýle-de bu topar geljek ýylda geçiriljek UEFA Çempionlar ligasynyň ýaryşyna gös-göni ýollanma alar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň