Türkmenistanyň futbol ýygyndysy ýoldaşlyk duşuşygynda Tailandyň ýygyndysyndan asgyn geldi

17:3027.05.2022
0
5074

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy ýoldaşlyk duşuşygynda Tailandyň ýygyndysyndan 0:1 hasabynda asgyn geldi. Duşuşyk Sisaket prowinsiýasynyň «Şri Nakhon Lamduan» stadionynda geçirildi.

Ýerli ýygynda ýeňiş getiren pökgini 88-nji minutda hüjümçi Adisak Kraýson geçirdi. Bu duşuşyk Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň 2022-nji ýyldaky ilkinji resmi duşuşygydyr.

FIFA-nyň reýting sanawynda türkmen futbolçylarynyň 134-nji, Tailandyň ýygyndysynyň bolsa 111-nji orundadygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň